SOŇKY HABARLAR
OLIMPIÝA STADIONYNDA ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY
2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...
Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...
Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 – altyn, 21 – kümüş we 12 – bürünç
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy şanly waka – Aziada-2017-niň başlanmagy bilen gutlap, AOG-niň halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýan Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyn...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy. Prezidentler döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini nygtadylar. Söhbetdeşler özara ynyşmagyň ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigi barada aýdyp, häzirki duşuşygyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunç...