AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra sport toplumynyň meýdançasynda owadan sahnalaşdyrylan edebi- sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar.

Lazer yşykly şowhun tamamlanandan soňra dabara elipbiý tertibinde peýda bolýan dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklarynyň meýdança çykarylmagy bilen dowam etdirilýär. Däbe görä, bu özboluşly ýöriş çempionaty kabul edýän ýurduň — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen jemlenýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Tomaş Aýana söz berilýär. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny belledi.

Jenap Tomaş Aýan bu ýaryşyň geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň ajaýyp sport desgalaryny hem öz içine alýan ähli amatly şertleri döredip berendigini nygtap, Halkara agyr atletika federasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly goldawy, şeýle hem agyr atletika sportunyň ösüşine goşýan goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Soňra Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edilýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde uly ruhubelentlik bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen aýdymyny ýerine ýetirmekleri sport baýramynyň aýdyň jemlenmesi boldy.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli Döwlet senasy ýaňlanan pursadynda paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän ahalteke bedewiniň şekiliniň üstündäki çanakda sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara sport hereketiniň taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýene-de alawyň ýakylandygy hem beýik döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.