SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýo...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary dereje...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy. Ço Çon Sik belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany döwlet saparynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu saparyň parlamentara hem-de döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Koreýanyň Milli Assambleýasyn...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Sukuň arasynda duşuşyk geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýandygyny belledi. Şeýle hem hanym Han Son Suk Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen döw...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Prezident Serd...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Türkmenistanyň halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan öz başlangyçlaryny halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde işjeň ilerledýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän bu başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Guramanyň agza döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, YHG-ä agza döwletleriň arasynda bilelikd...