img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny ýetirdi

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet—iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.

Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Duşuşykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki agşamlyk nahary boldy.