TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk w...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ik...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başl...
Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini belledi. Hususan-da, ýakynda Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri,...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...
Niger Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Niger Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Seýdou Zatou Alynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, halkara we sebit meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän soraglar babatynda pikir alyşdylar.
В Авазе открылся Инвестиционный форум Туркменистана -TIF 2025
18 сентября 2025 года в Национальной туристической зоне «Аваза» официально открылся Инвестиционный форум Туркменистана (TIF 2025). Это масштабное мероприятие, направленное на привлечение иностранных инвестиций, объединило более 800 делегатов из 45 стран. Среди участников — высокопоставленные государственные деятели, руководители крупнейших международных корпораций, главы инвестиционных банков и ведущие эксперты. Форум открылся обращением Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, ко...