SOŇKY HABARLAR
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini,...
Tähranda Türkmenistanyň we Päkistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Imran Ahmed Siddikiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara düzüml...
Tähranda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň...
Türkmenistanyň Ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sporty boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar. Bu babatda, Türkmenistanyň Ilçisi öňü...
Tähranda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda daşky gurşawy...
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Serhetabat etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna baryp, şol ýerden Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryn...