YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNА BAŞLYKLYK EDIJILER IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de işjeň häsiýeti bellenilip geçildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen durmuşa geçirýän hyzmatdaşlygynyň döwletara özara hereketleriň esasy ugruny emele getirýändigi nygtaldy we bu babatda gatnaşyklaryň şu ulgamynyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi. Şonuň ýaly-da energetika, gazhimiýa, ulag we geologiýa ugurlary boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň depginine hem seredilip geçildi.

Taraplar häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda, ýokanç keselleriniň öňüni almak hem-de olara garşy dessin çäreleriň görülmegi bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyndaky özara hereketletiň oňyn tejribesini hem aýratyn nygtadylar. Şu ugurda amala aşyrylan bilelikdäki hereketleriň derwaýyslygy we netijeliligi bellenilip geçildi.

Bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak arkaly, taraplar ýurtlaryň ynsanperwerlik ugry boýunça giň gerimli özara hereketleriniň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny beýan etdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021–2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna» gol çekildi.