img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sekretariatynda Guramanyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm meseleler, şol sanda YHG-na agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň 2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Yslamabat şäherinde geçiriljek
5-nji duşuşygyna, 2026-njy ýylyň 15–16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň Ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine hem-de 2026-njy ýylyň dekabrynda Tähran şäherinde geçiriljek YHG-nyň 18-nji sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik
maksatlary 2035» we «Yslamabat jemleýji komýunikesi» atly resminamalaryň taslamalary boýunça işleriň tamamlanmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan
başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler hem gözden geçirildi.

YHG-nyň Sekretariaty 2027-nji ýylda YHG-na agza döwletleriň ulag ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek baradaky razylygy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Guramanyň işine işjeň gatnaşýandygy üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.