Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Tähran şäherinde ýerleşýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen bu institutyň täze bellenilen prezidenti M.Hassanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen bagly bilelikde geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar.