img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

YHG-niň Hemişelik wekilleriniň 300-nji Maslahaty geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Zanjan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň 300-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibinde birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we kararlar kabul edildi.

Şeýle hem, bu maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Zanjan welaýatynyň hakimi M. Sadeghiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşyşykda, Ilçi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň berk taryhy we medeni baglanyşygyny nygtamak bilen, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady-söwda we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň pugtalanýandygyny belläp geçdi.