Niger Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Niger Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Seýdou Zatou Alynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, halkara we sebit meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän soraglar babatynda pikir alyşdylar.