UNESKO halkara guramasy bilen bilelikde Tähranda geçirlen Bütündünýä Saglyk güni we V Aziýa oýunlary bilen bagly çäre (AIMAG-2017)

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sport syýasaty esasynda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we Ruhybelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi we ýakynlap gelýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 2017-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Ilçihahansy tarapyndan Tähran şäherinde dabaraly çäre geçirildi.

Bu çäre UNESKO halkara guramasynyň Tährandaky sebitleýin wekilhanasy, EYR-nyň Sport we ýaşlar ministrligi we Tähran uniwersiteti bilen bilelikde Tähran uniwersitetinde geçirildi.

Bu çärede çykyş edenler “Parahatçylyk we ösüş ugrunda halkara sport güni” mynasybetli çykyşlar edip, UNESKO halkara guramasynyň Tährandaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym E.K.Laroş, Eýranyň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ahmadi, Tähran uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyşlarynda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada aýtmak bilen, bu oýunlaryň Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigi, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdigi, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdyşlygyň artmagyna oňyn täsiri, şeýle hem sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmekde uly orny eýelejekdigi barada aýdyldy. Bu dabarada V Aziýa oýunlary barada wideofilm görkezildi. Şeýle-de, bu çäräniň dowamynda “Türkmensähra ýigitleri” atly ýaş oglanlardan düzülen tans topary tarapyndan küşdepdi we türkmen milli tansy ýerine ýetirildi we bu tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn kabul edildi.

Şeýle-de, Ilçihana tarapyndan Tähran uniwersitetinde V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirlen tekstil önümleriniň, Türkmenistanyň häzirki zaman neşirleriniň we edebiýatlarynyň şeýle hem hormatly Prezidentimiziň atlar we derman otlar baradaky kitaplarynyň sergisi gurnaldy we serginiň dowamynda wideofilm görkezildi.

 

http://www.unesco.org/new/en/tehran/about-this-office/single-view/news/unesco_celebrates_international_day_of_sports_for_peace_and/