Tähran şäherinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-döredijilik çäre

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Tähran şäherinde ýerleşýän “Türkmen medeniýet öýüniň” guramagynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň medeni-taryhy binalar we buýsançly şahsyýetler jemgyýetiniň binasynda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni döredijilik çäresi geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Ilçihananyň attaşesi S.Kuwatnýazow gatnaşdy. Şeýle hem, bu çärä EYR-nyň Medeniýet we Yslam Gollanma ministriniň geňeşçisi Emami Theurdu, “Türkmen Medeniýet öýüniň” ýolbaşçysy Ali Rahbar, beýik şahyryň nesilinden gaýdýan neberesi Aba Işan Mohammadi, Horazmi uniwersitetiniň professory, eýranly türkmen ýazyjysy Naser Goli Sarli we Ilçihananyň attaşesi çykyş etdiler.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmen we pars dillerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň iki ýurduň we dünýä edebiýatynda galdyran öçmejek yzy, watançylyk, agzybirlik hem-de parahatçylyk baradaky giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan pikirleri, şygyrlary we goşgulary barada çykyş etdiler.
Attaşe S.Kuwatnýazow öz çykyşynda, iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen-eýran gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen belent sepgitlere ýetýändigini bellemek bilen, Türkmenistan we Eýran 32 ýylyň dowamynda nusga alarlyk gatnaşyklaryny ýola goýýandygyny aýratyn nygtap geçdi. 
Soňra ol türkmen şahyrynyň döredijiligi we Türkmenistanda Magtymgulynyň eserleriniň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde uly orun tutýandygy we oňa goýulýan hormat-sarpa barada gysgaça gürrüň berdi. Mundan daşary, türkmen diplomaty ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigini we şu ýyl ýurdumyzda şahyryň döredijiligine bagyşlap maý aýynda Aşgabatda Medeniýet ministrleriniň duşuşygynyň hem-de oktýabr aýynda Döwlet Baştutanlarynyň we Hökümetleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegiň garaşylýandygy barada habar berdi. 
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklip bermeginde Türkmenistanyň gözel künjünde gurulýan we ýakyn wagtda açylmagy meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda dost-dogan, goňşy ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, bu seýilgähde goňşy ýurtlaryň belli şahsyýetleriniň heýkellerini oturmak bilen bagly başlangyjyň öňe sürülendigi  we Eýrandan bu seýilgähde Hafez Şyrazynyň heýkeliniň oturdyljakdygy barada maglumat çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. 
Döredijilik-medeni çäräniň dowamynda sahnada Magtymguly Pyragynyň goşgularynda esaslanan halk aýdymlary türkmen milli geýimindäki bagşylar tarapyndan ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar hem-de çagyrlan myhmanalar ýadygärlik surata düşdüler.