SOŇKY HABARLAR
Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr. Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prez...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. 25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň geri...
Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ös...
Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady
2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mo...
Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ylýas Gaýypow bilen bu ýurduň Daşary işler ministriniň Syýasy işler boýunça orunbasary Majid Tahtrawançiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary, olaryň öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de strategik häsiýetli tür...
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Tähran şäherinde ýerleşýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen bu institutyň täze bellenilen prezidenti M.Hassanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen bagly bileli...