RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Rumyniýa sapary

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna - Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bild...

DOWAMY
pic
19 Iýul

KHBS üçin maglumat

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau  şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak...

DOWAMY
pic
17 Iýul

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şun...

DOWAMY
pic
17 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamal...

DOWAMY
pic
16 Iýul

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine garamak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýa...

DOWAMY
pic
16 Iýul

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak g...

DOWAMY
pic
15 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň DIM-niň birnäçe departamentleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, mejlisiň gün tertibine ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirmeli wez...

DOWAMY