SOŇKY HABARLAR
Gülüstan welaýatnda geçirlen duşuşyklar
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisiniň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Asgar Tahmasabi we beýleki wezipeli ýolbaşçylar bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda şeýle-de, Balkan we Gülüstan welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, Kümmet-Kowus şäherinde Magtymguly Pyragy birleşigi tarapynda...
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekomp...
Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Pedro Wargas Dawid ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, hä...
Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar....
Türkmenistanyň DIM-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Başlygy Pedro Wargas Dawidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «Euronews»-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler. Hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow özüne w...
Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi. Konstruktiw ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy g...