TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we ABŞ her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerini geçirdi
2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp ma...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aleýnik, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri M.Nurtleu, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan...
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.
«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary,...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlary...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu saparynyň ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň hem-de Premýer-ministri Irakliý Ko...
Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Ta...