SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE ÝOKARY DEREJEDE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
YHG-NIŇ MEDENIÝET INSTITUTYNDA ABU SEÝIT ABUL HAÝYRYŇ ŞAHSYÝETINE BAGYŞLANYP TEGELEK STOLY GURNALDY
2019-njy ýylyň 10-njy fewralynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Medeniýet Institutynda Abu Seýit Abul Haýyryň şahsyýetine we durmuşyna bagyşlanyp tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi. Agzalan maslahat YHG-niň Medeniýet Institutynyň, Eýranyň Yslam medeniýeti we gatnaşyklary guramasynyň hem-de Sungat akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, Owganystanyň hem-de Täjigistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň wekilleriniň, Eýranyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Seýed Mohammad Mus...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...
DÖM ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEÝLETIN MILLI SYNYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇDIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetir...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDIP GEÇDILER
2019-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...