SOŇKY HABARLAR
TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLADY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki bir-naçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik w...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ AWSTRIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...
TÜRKMENISTANDA YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE LITWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzm...