SOŇKY HABARLAR
LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...
HYTAÝDA “GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ GÖRKEZME ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd” kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat i...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...
EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady we milli L...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY ÝURT DILLERINDE NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk hem-de ukrain dillerinde çapdan çykan eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ähmiýetli dabara daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de hab...