SOŇKY HABARLAR
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Sö...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...
SYÝASY WE YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplo...
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetde...
TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ “IŞEWÜRLIGI ALYP BARMAK” TASLAMASYNA GOŞULMAGY BOÝUNÇA ONLAÝN GEPLEŞIK
2020-nji ýylyň 19-nji iýunynda Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” («Doing business») taslamasyna goşulmagy boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä bankynyň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlard...
WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTAN BILEN ABU-DABI ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de...