SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...
2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER
2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sand...
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ GATNAŞMAGYNDA KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄNDIR
Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň...
BMG-NIŇ OWGANYSTANA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA MISSIÝASYNYŇ (UNAMA) BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar bu Missiýanyň döredilen senesinden bäri Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolup durý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI PARAHATÇYLYKLY OWGANARA DIALOGYNA GATNAŞYJYLAR BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bi...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN NETIJELI ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda DIM-niň binasynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji oktýabrynda degişli Karara gol çekip, ýokarda görkezilen Toparyň düzümini we düzgünnamasyny tassyklady. Mejlisi açmak bilen, Türkm...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...