SOŇKY HABARLAR
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAM TÜRKMENISTANYŇ RAÝATY BOLDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, 874 adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, çäräni açmak bilen, döwlet baştutanymyzyň täz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR
Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...
TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...