RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Noý

TÜRKMENISTAN WE KUBA RESPUBLIKASY ÖZARBÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň d...

DOWAMY
pic
18 Noý

AŞGABATDA “SPEKA GÜNLERI” BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy. “SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň,...

DOWAMY
pic
18 Noý

HYTAÝDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý H...

DOWAMY
pic
16 Noý

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...

DOWAMY
pic
15 Noý

BAKUDA GEÇIRILEN YSLAM MEDENIÝETINIŇ SURAT SERGISINDE TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GÖZEL ÝERLERI ŞÖHLELENDIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Baku şäherinde ýerleşýän  Azerbaýjanyň Milli medeniýet muzeýinde yslam medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine bagyşlanan Yslam medeniýetiniň surat sergisi geçirildi. Bu çäre Baku Ikinji Dini Baştutanlaryň Summitiniň çäklerinde geçirildi.      Sergä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerleşýän ýadygärlikleriň çeper suratlary hem-de Soltan Sanjar we Il-Arslan kümmetleri, Seýit Jemaletdin metjidiniň...

DOWAMY
pic
15 Noý

MERKEZI AZIÝADA SUW SERIŞDELERINI DURNUKLY DOLANDYRMAK ÜÇIN INNOWASIÝA TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAK – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi suw serişdelerini dolandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy tejribeler we standartlar boýunça sebitleýin duşuşyk üçin meýdança döretmek maksady bilen okuw maslahatyny gurnady. Suw hojalygy boýunça döwlet komitetiniň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň wekillerinden daşary olary...

DOWAMY
pic
14 Noý

ADALATÇYNYŇ DIWANY BILEN BEÝLEKI EDARALARYŇ HYZMATDAŞLYGY TÜRKMENISTANDA ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2019-njy ýylyň 12-13-nji noýabrynda Aşgabatda ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge we Türkmenistanda adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan, şol sanda, Adalatçynyň diwanyndan, Içeri işler ministrliginden, Mejlisden, Ýokary Kazyýetden, Adalat ministrliginden, Aklawjylar kollegiýasyndan, Baş Prokuraturadan we Bilim ministrliginden wekiller gatnaşdylar. ÝHHH-niň demokratik institutlary we adam...

DOWAMY