TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Halafow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň ar...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük da...
HALKARA ULAG FORUMYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp masl...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary s...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ HOWANDARLYGYNYŇ ASTYNDA GEÇEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Mejlis wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler. Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň ara...
BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY (BSG) BILEN HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän netijeli işler barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda...