RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNYŇ BERKIDILMEGI

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdir...

DOWAMY
pic
1 Iýul

GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

DOWAMY
pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLARY KABUL EDÝÄR

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok.   Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasyny...

DOWAMY
pic
30 Iýun

KOREÝANYŇ HALKARA SÖWDA ASSOSIASIÝASYNYŇ WE «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle  hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýa Respublikasynyň  Daşary işler ministriniň orunbasary,  «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assos...

DOWAMY
pic
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi geple...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...

DOWAMY
pic
26 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.    Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY