RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Sen

ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA TOPARYŇ GEPLEŞIKLERINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar.   Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we...

DOWAMY
pic
3 Sen

ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady. Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr. Du...

DOWAMY
pic
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenista...

DOWAMY
pic
26 Awg

MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...

DOWAMY
pic
21 Awg

MERKEZI AZIÝANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLERI WE HALKARA BILERMENLER ÇAGALARYŇ HEM-DE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYK ÝAGDAÝYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň...

DOWAMY
pic
20 Awg

PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 5-NJI BÜTINDÜNÝÄ MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady. Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar. Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnu...

DOWAMY
pic
19 Awg

TÜRKMENISTANYŇ BAE BILEN IKITARAPLAÝYN SÖWDA-YKDYSADY HYZMAYDAŞLYGYNYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER

2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň we...

DOWAMY