TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ TÄZE BELENEN ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyz...
MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
2022-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen forumyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN GARAÝYŞLARY: ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK
Ine, birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýyllaryň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan öňümizdäki syýasy möwsümde ýurdumyzyň durmuşa geçirjek ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýar. Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly häsiýetine öwrülen şeýle açyklyk, häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýoka...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar b...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýur...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI A.ATAÝEWANYŇ WE ABŞ-NIŇ BMG-DÄKI HEMIŞELIK WEKILI L.TOMAS-GRINFILDIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Az...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16 awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. “Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daş...