RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANYNA SAPARY

2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsan...

DOWAMY
pic
23 Okt

ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLADY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar. Şol gün Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyr...

DOWAMY
pic
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY BARADA

22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburgda iş saparynda bolýar. Çärä «5+27» formatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri gatnaşýar. Duşuşygyň maksady sebitde özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamalary beýan etmekden, şeýle hem ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri babatynda pikir alyşmakdan ybarat.   Türkmen...

DOWAMY
pic
23 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN ÝB-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplaryň “Ýewropa Bileleşigi - Mer...

DOWAMY
pic
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ilçi Täjigistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň iki doganlyk ýurduň we halkyň özara gyzyklanmalary doly laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklaýa...

DOWAMY
pic
20 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” 16-NJY HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ GÜN TERTIBI BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda, Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna taýýar...

DOWAMY
pic
19 Okt

PEKINDE TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyza “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwl...

DOWAMY