img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Okt

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýi...

DOWAMY
pic
22 Okt

YHG-niň Hemişelik wekilleriniň 300-nji Maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Zanjan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň 300-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibinde birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we kararlar kabul edildi. Şeýle hem, bu maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Zanjan welaýatynyň hakimi M. Sadeghiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşyşykda, Ilçi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostl...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp masla...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn  hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gruziýanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi. Gepleşikleriň do...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar täze derejä çykýar

2025-nji ýylyň 20-22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda resmi sapar bilen boldy. 21-nji oktýabrda wekiliýetiň agzalary Kreml diwarynyň ýanyndaky Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar hem-de “Moskwa Kremli” döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasyna baryp gördüler. Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geň...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan, özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimi...

DOWAMY