RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 30-njy martynda HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-di...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Hususan hem, ikitaraplaýyn sö...

DOWAMY
30 Mar

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi.  Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...

DOWAMY
28 Mar

ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça sebitleýin seminar öz işine başlady. Gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük seminar «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň görkezilmegi maksady bilen guraldy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi geçelgäniň hereketini üpjün etmek üçin «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň d...

DOWAMY
28 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR

2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň  çykyşlary diňlenildi. Türkme...

DOWAMY
28 Mar

DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň...

DOWAMY