TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-...
Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşl...
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary b...
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ýaşyl energetika, ulag, tehnologik arabaglanyşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy gurallarynyň, şeýle...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna sapary başlandy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän duşuşyklary...
Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Netijede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi. 2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat...
Türkmenistanyň EYR-ky Ilç-nyň we YHG-nyň (EKO) Medeniýet institutynyň gurnamagynda, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni sergi geçirildi.
2024-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO) Medeniýet institutynyň gurnamagynda, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni sergi geçirildi. Bu çärä EKO-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan; Eýranyň Medeni eserler we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi; “AVA” halkara diplomatik žu...