RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY

2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...

DOWAMY
30 Noý

УЧАСТИЕ ДЕЛЕГАЦИИ ТУРКМЕНИСТАНА В ЗАСЕДАНИИ МЕЖПРАВИТЕЛЬСТВЕННОГО КОМИТЕТА ПО ОХРАНЕ НЕМАТЕРИАЛЬНОГО КУЛЬТУРНОГО НАСЛЕДИЯ ЮНЕСКО

С 27 ноября по 3 декабря 2022 года в г.Рабате, Марокко проходит 17-я сессия Межправительственного комитета ЮНЕСКО по охране нематериального культурного наследия. В заседании принимают участие представители из 180 стран-участников, неправительственных организаций, учреждений культуры и других заинтересованных сторон со всего мира. Туркменскую сторону в работе сессии представляют Посол Туркменистана во Франции, Постоянный представитель Туркменистана при ЮНЕСКО М.Чарыев и ответственный секретарь...

DOWAMY
30 Noý

EÝRANYŇ ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň mese...

DOWAMY
30 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzm...

DOWAMY
30 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi bolsa şol ýylda türki dünýäsin...

DOWAMY
30 Noý

TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN-AWSTRIÝA BILELIKDÄKI TOPARYŇ ON BIRINJI MEJLISI GEÇDI

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça Baş direktory Frans Wessig ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Wenada geçirilen toparyň 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ýerine ýetirili...

DOWAMY
30 Noý

TÜRKMENISTANDA AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler minsitriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada öz ynanç hatlaryny gowşurmaga gelen Awtsriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Tomas Şuller-Götsburg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň we Awtsriýanyň gy...

DOWAMY