TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Mejlisiň Başlygy Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň Başlygy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-mawrikiý gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Heswar Janke türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidenti Pri...
Mejlisiň Başlygynyň Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatyny türkmen tarapyna gowşurdy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Ilçi Fathudin Ali Mohamed Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşç...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...
Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Başimowa diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, husu...
Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sok Çeanyň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, halkara we sebit formatlaryndaky, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdile...
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar dostlukly we ynamdar syýasy dialoga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýal...
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp taraplylygy TÜRKSOÝ-yň neşirleriniň sahypalarynda
2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan neşir işlerine – goşgular ýygyndylarynyň, ylmy-barlag işleriniň, ylmy makalalaryň, monografiýalaryň, ýörite neşirleriň, gazet-žurnallaryň çap edilmegine möhüm orun degişlidir. Şunlukda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)...