RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY KONSULLYK EDARALARYNYŇ IŞI BARADA

Dünýädäki kyn epidemiologiki hem-de tebigy we tehniki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çäreleri amala aşyrdy we  häzir hem dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli Türkmenistanyň ýüzlerçe raýaty watanynyň daşynda galmaga mejbur boldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda bolmagy üçin amatly şertleri döretmek mak...

DOWAMY
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, daşky gurşawy tygşytly dolandyrmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary babatynda bilelikdäki işl...

DOWAMY
10 Mar

AŞGABATDA “HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI ŞERTLERINDE AZYK HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK” ATLY FORUM GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümetiniň hem BMG-niň Azyk howpsuzlygy we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldamagynda guraldy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Türkiýäniň, BMG-niň wekilleri, halkara gu...

DOWAMY
10 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow "Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege bilen gepleşikleri geçirdi. Duşu...

DOWAMY
10 Mar

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özarabähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi. Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada belle...

DOWAMY
9 Mar

DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy. 8-nji martda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň çäklerinde strategiki häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler iki ýurduň we ha...

DOWAMY
9 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY I.NEMATOW BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk işleri bu söhbetdeşligi...

DOWAMY