AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmeginiň ähli agza döwletler tarapyndan goldanylandygy barada habar berýär.

“Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde başlyklyk edýän döwrüdir. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän, möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi.

Biz Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky çözgüdine örän şatdyrys. Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Siziň ýüzlenmäňizi geňeşe agza döwletlere iberdi. Agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygyny tüýs ýürekden kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” – diýlip hatda aýdylýar.