TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Taraplar ýurtlaryň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdylar.

Iki ýurduň Liderleri dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goň­şuçylyk hem-de umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlygyň ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew birek-biregi ýene-de bir gezek mukaddes Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.