TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy.

Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň, şeýle hem BMG we beýleki halkara we sebitara guramalarynyň tejribeli hünärmenleri çagyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda döwrümiziň wehimlerine we howplaryna öz wagtynda jogap bermek üçin ÝHHG-na gatnaşýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda hünärmenler terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşde halkara tejribesini hödürlediler, jemgyýetçilik we hökümete degişli bolmadyk pudaklaryň ähli gyzyklanýan taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşyny güýçlendirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler. Maslahatyň mejlislerine gatnaşyjylar maliýe we jenaýat aňtaw gullugynyň tagallalary bilen terrorçylygy maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatlara garşy işlerde wakalary derňemek işini toparlarda ara alyp maslahatlaşdylar.