MOSKWADA GDA-NYŇ GATNAŞYJY-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

photo

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Aýwazýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary D.Sokolan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Ilkibaşda gepleşikler dar düzümde geçirildi, onuň barşynda mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk we pandemiýa garşy göreş şu ýyldaky özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda kesgitlenildi. Şeýle-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.

Soňra giňişleýin düzümdäki mejlis dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň meselelerine aýratyn ýagdaýda seredilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda hereketleriň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine seretdiler. Halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki hereketleri utgaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler. Taraplar sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmalary beýan etdiler.

Şeýle-de ynsanperwer ugurda, şol sanda ýaşlar syýasaty boýunça özara hereketleriň, sport we syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.