TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. 

12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputatlar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sergä gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagda belleýşi ýaly, “12 gün dowam etjek sergi berkarar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň aýdyň beýany bolar”.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde eksport harytlarynyň birža söwdalarynyň, tikinçilik we beýleki önümleriň görkezilişi boldy.  

Şeýle hem serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ygtybarly binýady” atly masahat geçirildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergileriň gurnalýandygy barada bellemek gerek. Hususan-da, şu gün Ahal welaýatynda sergi we maslahat geçirildi.