TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 13-NJI MEJLISINIŇ BARŞYNDA ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Kan Gýon Hua dagylar hem çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň syýasy-diplomatik ugry, şeýle-de söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we global derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallarynyň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler.

Türkmenistan sebitde maýa goýum şertleriniň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär, «Täze Demirgazyk Ykdysady syýasat» başlangyjyny goldaýar, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyň barşynda beýan edildi. Ministr R.Meredow «Koreýa Respublikasynyň bu başlangyjy köp babatda «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» konsepsiýasy bilen sazlaşyklydyr», diýip belläp geçdi.

Forumyň gün tertibinde jemgyýetçilik saglygy goraýyş, bilim, standartlaşdyrmak we ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berildi. Taraplar ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürmegi babatynda pikirleri we teklipleri alyşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşe goşýan goşandy bilen birlikde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işlerini hem beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň dowam edilýändigini bellenilip geçildi.

R.Meredow waksinalara ählumumy hem-de deň ygtyýarlygyň üpjün edilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky ylmy-barlag gatnaşyklarynyň dowam edilmegini teklip etdi.

Özara esasdaky hünärmenleriň ylmy alyş-çalyşlary we hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça maksatnamalar bilen birlikde bilim ulgamyndaky özara hereketlere hem seredilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň takyk netijeleri, şol sanda Aşgabatda Patyşa Sejong Institutynyň Gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça Okuw Merkeziniň açylmagy we beýleki taslamalar barada gürrüň berdi.

Taraplar, hususan-da distansion okuw, häzirki zaman maglumat-kommunikasion tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ugurdaş pudak edaralarynyň arasyndaky özara hereketler hem işjeň alnyp barylýandyr.

Forumda sebitleýin hem-de halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan standartlaşdyrmagyň meselelerine aýratyn seredilip geçildi. Bu ugurdaky özara hereketleriň şu formatda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde derwaýys häsiýete eýe bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda şonuň ýaly-da ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerine hem seredilip geçildi. Taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýaşyl ykdysadyýetiň goldanylmagy, tebigy gorlaryň rejeli peýdalanylmagy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň Bilelikdäki beýannamasyny we Forumyň Sekretariatynyň 2021-nji ýyl Meýilnamasyny kabul etdiler.