TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝANY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA ILKINJI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktory Gurbuz Gonul, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdy.  

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar “Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň global tendensiýalary we mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ýollary”, “Önümçilige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasyndaky ylmy taslamalary girizmek”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin halkara tejribäniň ulanylmagy” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.

Şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşi ulgamyna goldaw bermek boýunça alyp barýan işi barada, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri barada çykyş edildi. Milli strategiýanyň düzüminiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary we döwrebap ýagdaýy barada pikir alyşdylar.