BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY (BSG) BILEN HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän netijeli işler barada tanyşdyrdy.

Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda geçirilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisleriň jemleri boýunça, ilkinji ädim hökmünde ýurdumyzyň bu guramanyň işine synçy derejesinde gatnaşmagy baradaky netijä gelnendigi we Türkmenistanyň ykdysady syýasaty we daşary söwda tertibi hakyndaky synyň taýýarlanandygy barada bellenildi.

BSG-niň wekilleri tarapyndan, bu alnyp barylýan işlerden hoşaldyklaryny nygtamak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almagy, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň kämilleşmegine mümkinçilikleri döretjekdigi barada bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar, Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky meselesiniň BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde seljerilmekliginiň mümkiniçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.