BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna garşy bilelikdäki tagallalarynyň kabul edilmeginiň we netijeli durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerurlygy barada pikirleri alyşdylar.

Söhbetdeşler biziň ýurdumyz tarapyndan wirusyň täze görnüşiniň Türkmenistanyň çägine ýaýramagynyň öňüniň alynmagy boýunça durmuşa geçirilen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylandygyny aýratyn belläp geçdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar şonuň ýaly-da biziň ýurdumyzda ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagy, şeýle-de ilatyň saglygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin döwrebap infrastrukturanyň we zerur bolan tejribäniň bardygyny hem aýratyn nygtadylar.