Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy.

Prezidentler döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini nygtadylar. Söhbetdeşler özara ynyşmagyň ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigi barada aýdyp, häzirki duşuşygyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. 

Prezident Igor Dodonyň belleýşi ýaly, Moldowa Respublikasynda türkmen Lideriniň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk döredijilikli “açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistana aýratyn hormat goýulýar. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminiň Wulkaneşt raýonynyň Çişmikioý obasynda bina edilen “Dostluk” çagalar bagynyň şu ýylyň maýynda açylmagy iki döwletiň we halkyň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Igor Dodon ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek işine goşýan uly şahsy goşandy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Moldowanyň Prezidenti türkmen Liderini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlap, bu wakanyň Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrjakdygyna ynam bildirdi, çünki şeýle möçberdäki çäreleriň guralmagy hem-de geçirilmegi dürli derejede halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Moldowa möhüm, uzakmöhletleýin hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny hem-de dürli ugurlarda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, biziň ýurtlarymyzyň çäk taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklary olara Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. 

Iki ýurduň Prezidentleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiligini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki Hökümetara toparynyň tutýan orny nygtaldy, şeýle hem geçirilýän bilelikdäki işewür maslahatlaryň hem-de sergileriň amaly häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşler medeniýet, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Igor Dodon türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.