TÜRKMENISTAN BILEN GRENADANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY

2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Grenadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy bolup geçdi.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew bilen Grenadanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Fireriň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ylym we bilim, medeniýet, sungat we sport ugurlary barada pikir alyşdylar.