EFIOPIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) jenap Girma Temesgen Barkessa bilen duşuşyk geçirildi.  

Ilçi Türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilikli we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilmäni belläp, türkmen tarapy dürli derejelerdäki duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetini belledi. Syýasy hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze ylalaşyklary baglaşmak üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ulgamlarda özara hereketleriň mümkinçiliklerine garadylar. Aýratyn hem, söwda-ykdysady ugruny belläp, taraplar bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler. Işewürler duşuşyklaryny we eksport harytlarynyň sergisini gurnamak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem, energetika, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklary belläp geçmek bilen, iki ýurduň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ýollaryny öwrenmek meselesine hem seretdiler.