MOSKWADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada «Сколково» tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler.

Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklendirilen düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça işjeň we täsirli pikir alyşmalar geçirildi hem-de Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty ylalaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Daşkentde Özgebistanyň başlyklyk etmeginde geçirmek baradaky netijä gelindi.