TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI GDA-NYŇ AŞGABAT SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada Sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary we köpugurly hyzmatdaşlygyň has ýokary derejeleriniň gazanylmagyna gönükdirilip alnyp barylýan bilelikdäki işlere ýokary baha berendikleri bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň hem-de daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça indiki çözgütleriň we beýannamalaryň kabul edilendigi barada habar berdi:

GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Aşgabat Jarnamasy, GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesi.