TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-nyň özara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň üstünde durup geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi barada aýdylanda, Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş Konsullygynyň açylmagy iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň görkezijisi bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle-de taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň we yzygider esasda bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleriniň geçirilmeginiň möhümdigi barada aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilemginiň wajypdygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda, taraplar Dubaý şäherinde geçiriljek EXPO-2020 Bütindünýa sergisiniň geçirilmeginiň meseleleri bilen bagly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygynyň üstünde aýratyn durup geçdiler.